Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi esasynda dünýä nusgalyk ösüşler amala aşyrylýar. Bu hakykat durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň beýanyny tapýar. 2019-njy ýylda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde «Akylly şäher» ýörelgesine laýyklykda gurulmagy we dolandyrylmagy göz öňünde tutulýan sebitde ilkinji şäheriň gurluşygyna badalga berlipdi. Bu gün bolsa bu ýerde innowasion şähergurluşyk tehnologiýalarydyr ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlary, milli hem-de iň ösen dünýä tejribesi ulanylyp, täsin şäheriň birinji tapgyry gurlup ulanylmaga berildi we ikinji tapgyryň gurluşygyna girişildi. Täze şäheriň çäklerinde binagärlik, ýol-ulag düzümi babatda, şeýle hem ekologiki abadançylyk derejesi göz öňünde tutulyp, birnäçe işler geçirildi. Şäheriň ilaty «akylly» şäher we «akylly» öý hyzmatlaryndan: smartfonyň üsti bilen internet arkaly ýaşaýyş öýlerini uzak aralykdan dolandyryp bilýärler. Bu ýerde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi netijesinde edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredilen. Şäheriň çäginde bina edilen mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, başlangyç we orta hünär, sungat mekdepleriniň, saglyk öýleriniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, hassahanalaryň, Ruhyýet köşgüniň we beýlekileriň dolandyrylyşy sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Şeýle mümkinçilikler Arkadag şäherinde iň häzirki zaman zähmet, jemgyýetçilik, ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge şert döredýär. Biz talyp ýaşlar, ýurdumyzda sebitde şeýle ajaýyp şäheri gurduran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden alkyş aýdýarys.
Güljemal GÜÝJOWA Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby