Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň milli ykdysadyýeti dünýä ykdysadyýetniň bir bölegine öwrüldi. Türkmen telekeçilerini höweslendirmek, senagat kärhanalaryna, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan maksatlary bolup durýar. Muňa mysal hökmünde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilendigini bellemek has-da buýsançlydyr. Şundan görnüşi ýaly, geljek 30 ýylda ýurdumyzyň ilatynyň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, makroykdysady ýagdaýlaryň durnuklylygynyň gazanylmagy, şeýle-de döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek üçin ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi, telekeçiligiň döwlet tarapyndan giňden goldanylmagy göz öňünde tutuýar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan özboluşly ösüş ýoluny saýlap almak bilen, ykdysady taýdan ösmegiň türkmen nusgasyny döretdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda elektroenergetika, nebit-gaz toplumy, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagy düýpli ösüşlere eýe boldy. Ylaýta-da, ykdysadyýetiň täze — himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşyk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça uly işleriň ýola goýulmagy, bu ugurlarda täze kärhanalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi türkmen ýaşlaryny iş orunlary bilen üpjün etmek, olaryň hünär derejelerini artdyrmak bilen bagly meseleleri aradan aýyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, maşyn-gurluşyk we demir önümlerini gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalaryň, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýetleriň döredilendigini aýtmak has-da ýakymly. Şeýlelikde, ýurdumyz senagat döwletine öwrülýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmekde, halkymyzy abadan durmuşda, bagtyýar zamanada ýaşatmakda bimöçber işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlary sag, ömürleri uzak bolup, her bir tutýan tutumlary üstünliklere beslensin.
Yslamberdi TYLLANUROW Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy