Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň binýadynda durnukly ösüşi gazanmak, jemgyýetimiziň we döwletimiziň esasy gymmatlygy bolan adamyň ýaşaýyş-durmuş derejesini halkara standartlaryna laýyk çykarmak, dünýä tejribesiniň iň oňat gazananlaryny halkymyzyň milli aýratynlyklaryny nazara alyp ornaşdyrmak döwlet we milli maksatnamalarda ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň binýadynda internete elýeterliligi üpjün edilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän esasy çäreleriň biri ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegidir. Sanly ykdysadyýetiň esasyny emele getirýän maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary biziň gündelik durmuşymyza ähli derejede giňden ornaşdy. Häzirki wagtda durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde bu ulgamyň paýynyň barha artýandygyny bellemek mümkindir. Bu hem milli ykdysadyýetde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň dünýäniň ösüş meýilleri bilen kybapdaşdygyny aýdyň görkezýär. Dünýä döwletleriniň bu ugurdaky öňdebaryjy tejribelerini we maglumatlary seljermek bilen, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, ýurtlaryň jemi içerki önüminde tutýan paýynyň barha ýokarlanýandygyny belläp bileris. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň işjeň ornaşdyrylýan, ösdürilýän şertlerinde adam resurslarynyň intellektual derejesiniň ähmiýetliligi hasda artýar. Kärhanalaryň öz işgärlerine bildirýän talaplary hem ýokarlanýar. Şol sebäpli kärhananyň işgärleriniň sanly ykdysadyýet şertlerine mahsus bolan talaplary berjaý etmäge taýýarlykly bolmagy zerurdyr.
Atamyrat JUMAÝEW Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby