Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagynda, hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmeginde, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda ýaşlaryň dünýä dillerini talabalaýyk bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň öz ene dilini, şeýle hem iňlis we rus dillerini suwara bilmekleri babatda öňde goýýan wezipeleri geçen onýyllyklaryň dowamynda mynasyp durmuşa ornaşdyrylyp gelinýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, 2007 — 2008-nji okuw ýylyndan başlap, orta mekdepleriň ugurdaş synplarynyň birnäseçinde, 2008 — 2009-njy okuw ýylyndan başlap, ähli synplarda iňlis dilini öwretmegiň girizilmegi bu ugurda amala aşyrylan binýatlyk iş boldy diýip aýtmak bolar. Ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde öwredilýän hünärleriň her biriniň ýany bilen iňlis diliniň iňlis we rus dilleriniň okadylmagy ýaş hünärmenlere öz ele alýan hünärleri barada ylmy we tejribe bilimlerini has çuňňur özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda sapaklar diňe iňlis dilinde guralýan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň açylmagy bu ugurda öňe ädilen ýene-de bir möhüm ädim boldy. Dünýä dillerini bilmek ösüp gelýän ýaş nesillere ylymda, tehnikada, önümçilikde dünýäniň ösen ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga, birek-biregiň öňdebaryjy gazananlaryny öz tejribelerine ornaşdyrmaklaryna hem mynasyp ýardam berýär. Şu nukdaýnazaran, Garaşsyz döwletimiziň ykdysady-medeni ugurlardaky gatnaşyklaryny gün-günden giňeldýän dostlukly ýurtlarynyň dillerini öwretmek boýunça täzeçillikleriň ornaşdyrylmagy örän wajyp ýagdaýdyr. Häzirki wagta çenli paýtagtymyzdaky we welaýatlarymyzdaky mekdepleriň birnäçesinde nemes, fransuz, arap, pars dilleriniň okadylyp gelinýändigi buýsandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýol görkezmegi bilen, häzirki wagtda orta mekdepleriň birnäçesinde hytaý, ýapon, koreý dillerini okatmagyň tejribä ornaşdyrylýandygy hem ildeşlerimizi begendurýär. Bu dilleriň eýeleri bolan dünýäniň ösen ýurtlary Garaşsyz döwletimiziň sagatsaýyn ösüşler bilen öňe barýan ykdysadyýatini, senagatyny, medeniýetini, ylym we bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösüdürmek, zamanabap enjamlaşdyrmak babatda ynamdar hyzmatdaşlarydyr. Şeýlelikde, dilleri bilmek türkmen ýaşlaryna geljekde bu döwrüň synagyndan geçen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze tapgyrlara çykarmakda ýakyndan ýardam berer. Biz ýurdumyzy häzirki zaman ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda üstünlik arzuw edýäris.
Kakajan ATAÝEW Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.