Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, bilimiň hilini dunýä derejesine çykarmak, döwrebap okuw kitaplaryny, okuw gollanmalary neşir etmek, dünýäde ylmyň iň soňky gazanan täze tehnologiýalaryny, innowasion enjamlaryny ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň günsaýyn rowaçlanýandygynyň şaýady bolýarys. Häzirki döwürde ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylynda hem ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşi hasda artýar. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga giň ýol açylyar.
Serdar ARÇAÝEW Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy