Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag düzüminiň kämilleşdirilmegi halkymyzyň medeni-ykdysady durmuşynyň yzygiderli gowulandyrylyp, ýük we ýolagçylary gatnatmak işleriniň oňyn ilerlemegine ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň çäginden Gündogar ― Günbatar ugry boýunça çekilýän Aşgabat ― Türkmenabat, Aşgabat ― Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň ähmiýeti aýratyn uludyr. 2021-nji ýylda Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurlup ulanylmaga berlen Aşgabat ― Tejen böleginiň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň içerki we üstaşyr ýük geçirmelerine möhüm itergi berdi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamyň ornunyň artmagynyň, sebit we ählumumy multimodal gatnawlar ulgamyna goşulyşmagynyň hasabyna, ýurdumyzyň geoykdysady kuwwatyndan doly peýdalanmak babatda başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Ýoluň bu böleginiň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer. Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder. Biz halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda üstünlik arzuw edýäris.
Bäşim BÄŞIMOW Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby