Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan ajaýyp başlangyçlar täze basgançaklara çykýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamy üstünlikli ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmekde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy möhüm tapgyrdyr. Ol ýurdumyzyň pudaklarynda işleýän işgärleriň, hünärmenleriň sanky tehnologiýalardan baş çykarmaklary, olar bilen işlemek babatda endikleri ele almaklary üçin möhüm pursatdyr. Häzirki döwre çenli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän tagallalary esasynda, milli ykdysadyýet sanlylaşdyrylyp, ýurdumyzda ýörite Karar bilen tassyklanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Karardan gelip çykýan tertipde, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda ornaşdyrylan sanly ulgama esaslanýan hökümet aragatnaşyk ulgamy ösdürilýär. Wideoaragatnaşyk, elektron resminama dolanyşygy barha kämilleşýär. Ýurdumyzda geçen ýyllaryň dowamynda sanly dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak babatda möhüm bolan kanunçylyk namalary kabul edildi. «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlaryny bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň kanunçylyk taýdan binýadyny berkitmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak pudaklaryň bu ugurdan hünärmenler bilen üpjünçiligini berkitmek zerurlygyny hem orta çykarýar. Bu işde ajaýyp zamanamyzda ösüp ýetişýän ýaş hünärmenlere aýratyn möhüm orun degişli edilýär. Türkmen ýaşlary özleri barada döwletimiz tarapyndan edilýän asylly aladalara jogap edip, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmek bilen, milli ykdysadyýetiň öňe ilerlemegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzy ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwletli başlangyçlary hemişe rowaaç bolsun.
Oguljennet HOMMADOWA Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby