Türkmen ata-babalarymyz geljek nesilleriň abadan, asuda durmuşyny, agzybirligini, jebisligini, goňşular bilen süýjülikde gatnaşmagyny göz öňünde tutup, milli terbiýäniň özboluşly çygyrlaryny, nazaryýetini oýlanyp düzüpdirler. Bu milli terbiýe mekdebi şu günki günlerimizde hem ösüp gelýän ýaşlarymyzy zamanabap, milli ruhda terbiýelemkde uly ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guran umumy sapagynda bu terbiýe mekdebini 12 ugur boýunça düşündirdi we ýaşlara bu ugurlara eýermegi ündedi. Bu ugurlar: watançylyk terbiýesi, döredijilik terbiýesi, akyl we pikir terbiýesi, ylym terbiýesi, medeni aň-düşünje terbiýesi, sungat terbiýesi, syýasy terbiýe, maliýe-ykdysadyýet terbiýesi, jemgyýetçilik terbiýesi, dil terbiýesi, ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi diýen 12 ugry öz içine alýar. Taryhdan we ylmy maglumatlardan we çeper edebiýat eserlerimizden bilşimiz ýaly, ata-babalarymyz ýaş nesillleriň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagy bilen bir hatarda olaryň watançy, dünýä ýagdaýlaryndan baş çykarýan, oturan-turan ýerinde, myhmançylykda, gepleşikleri geçireninde hemişe medeniýetli, birek-biregi sylaýan adamlar bolmaklary üçin zähmetlerini we aň-paýhaslaryny gaýgyrmandyrlar. Olar öz nesil dowamatlarynyň ylym bilen meşgullanmagy üçin olary ýurdumyzdaky we goňşy çäklerdäki okuw mekdeplerine iberipdirler. Şol sebäpli taryhdaky türkmen döwletleriniň zamanynda türkmen topragyndan ýetişen alymlaryň her biri ylmyň bir däl-de, birnäçe ugurlaryndan ylmy kitaplary ýazypdyrlar. Ibn Sina , Al Biruni, Musa Horezmi, Al Farabi ýaly onlarça alymlaryň goýup giden ylmy miraslary bu aýdylanlara aýdyň mysallardyr. «Görogly» dessançylyk sungatymyz, beýleki çuňňur halk akyl-parasadyna ýugrulan dessanlarymyz bilen tanşyp göreniňde, olarda hälimi-şindi: «Ýigidiňiziň akyl-huşda, görkde-görmekde kemi ýok ekeni. Sazdan-sözden başy çykyşy neneňsidir?» diýlip, aýdym-sazynyň diňlenip görülýän pursadyna duşmak mümkindir. Munuň özi ýigitleriň batyrlygyndan, gaýratlylygyndan daşary, olaryň medeniýetliligi, dünýägaraýşy, sypaýçylygy, diplomatiýasy bilen gyzyklanylmagydyr. Biz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň biz ― ýaş nesiller üçin edýän aladalaryna mynasyp jogap edip, mähriban Watanymyzy, eziz topragymyzy, Garaşsyz döwletimizi we halkymyzy söýüp, olaryň abadan, asuda, parahat geljegi üçin hünär eýeleri bolup, halal zähmet çekeris. Biz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Türkmen ata-babalarymyz geljek nesilleriň abadan, asuda durmuşyny, agzybirligini, jebisligini, goňşular bilen süýjülikde gatnaşmagyny göz öňünde tutup, milli terbiýäniň özboluşly çygyrlaryny, nazaryýetini oýlanyp düzüpdirler. Bu milli terbiýe mekdebi şu günki günlerimizde hem ösüp gelýän ýaşlarymyzy zamanabap, milli ruhda terbiýelemkde uly ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guran umumy sapagynda bu terbiýe mekdebini 12 ugur boýunça düşündirdi we ýaşlara bu ugurlara eýermegi ündedi. Bu ugurlar: watançylyk terbiýesi, döredijilik terbiýesi, akyl we pikir terbiýesi, ylym terbiýesi, medeni aň-düşünje terbiýesi, sungat terbiýesi, syýasy terbiýe, maliýe-ykdysadyýet terbiýesi, jemgyýetçilik terbiýesi, dil terbiýesi, ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi diýen 12 ugry öz içine alýar. Taryhdan we ylmy maglumatlardan we çeper edebiýat eserlerimizden bilşimiz ýaly, ata-babalarymyz ýaş nesillleriň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagy bilen bir hatarda olaryň watançy, dünýä ýagdaýlaryndan baş çykarýan, oturan-turan ýerinde, myhmançylykda, gepleşikleri geçireninde hemişe medeniýetli, birek-biregi sylaýan adamlar bolmaklary üçin zähmetlerini we aň-paýhaslaryny gaýgyrmandyrlar. Olar öz nesil dowamatlarynyň ylym bilen meşgullanmagy üçin olary ýurdumyzdaky we goňşy çäklerdäki okuw mekdeplerine iberipdirler. Şol sebäpli taryhdaky türkmen döwletleriniň zamanynda türkmen topragyndan ýetişen alymlaryň her biri ylmyň bir däl-de, birnäçe ugurlaryndan ylmy kitaplary ýazypdyrlar. Ibn Sina , Al Biruni, Musa Horezmi, Al Farabi ýaly onlarça alymlaryň goýup giden ylmy miraslary bu aýdylanlara aýdyň mysallardyr. «Görogly» dessançylyk sungatymyz, beýleki çuňňur halk akyl-parasadyna ýugrulan dessanlarymyz bilen tanşyp göreniňde, olarda hälimi-şindi: «Ýigidiňiziň akyl-huşda, görkde-görmekde kemi ýok ekeni. Sazdan-sözden başy çykyşy neneňsidir?» diýlip, aýdym-sazynyň diňlenip görülýän pursadyna duşmak mümkindir. Munuň özi ýigitleriň batyrlygyndan, gaýratlylygyndan daşary, olaryň medeniýetliligi, dünýägaraýşy, sypaýçylygy, diplomatiýasy bilen gyzyklanylmagydyr. Biz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň biz ― ýaş nesiller üçin edýän aladalaryna mynasyp jogap edip, mähriban Watanymyzy, eziz topragymyzy, Garaşsyz döwletimizi we halkymyzy söýüp, olaryň abadan, asuda, parahat geljegi üçin hünär eýeleri bolup, halal zähmet çekeris. Biz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlik arzuw edýäris.
Bibi KURBANOWA Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby