Şygyrýet äleminiň soltany nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. Söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, birbirege hormatsylaga çagyrýar. Magtymguly Pyragynyň «Watan» diýen belent mukaddeslik söz ussadynyň döredijiliginiň içinden erişargaç bolup geçýär. Pederi Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasynda «Watan» diýen temanyň giň mazmuna eýe bolmagy, «Wagzy-Azat» eserinde halkyň agzybirlikde ýaşap, bir döwlete gulluk etmegi hakyndaky pikirler Magtymgulynyň gymmaty egsilmejek eserleri döretmegine itergi beripdir. Pähimdar pederlerimiz «Towşana dogduk depe», «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan — ölinçä» diýen nakyllary döredipdirler. Çünki dogduk depäniň, göbek ganyň damyp, ata-babalaryň ruhy siňen topragyň ezizligini hiç bir zat bilen deňäp bolmaýar. Şonuň üçin beýik akyldaryň liriki gahrymany öz dogduk Diýaryndan sähel daşlaşsa-da, «Gözüm gaýra düşmez, köňül eglenmez» diýip, tutuş süňňi-durky bilen öz topragyna bolan söýgüsini zybanyna getirýär. Şahyryň «Türkmeniň», «Bar meniň», «Ili gözlär», «Gürgeniň», «Soňudagy», «Ýollara sary», «Zarlar içinde» ýaly islendik goşgusyny alsaňda, onda Hakyň nazar salan türkmen topragynyň gözelligini duýmak bolýar. Bu millilik, esasanda, Magtymgulynyň Watan hakyndaky goşgularynda jemlenýär. Şonuň üçin-de şahyryň Watan hakyndaky şygyrlary heňňamlar geçsede, ynsan kalbynda bakylyk owazy bolup ýaňlanýar. Şahyryň şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerine terjime edip, olaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny, kitap sergilerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ylmy-barlag işlerini taýýarlamak, Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmegi we wagyz etmegi ýola goýmak, şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahaty geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bilen baglanyşykly aýdylanlar hem milli mirasymyza uly sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza, nesillere garaşýan sowgatlaryň yzynyň üzülmeýändigini ýene bir ýola äşgär görkezýär.
Bäşim SAPAROW Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby