Milli sport ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde Olimpiýa şäherçesi hem-de beýleki iri möçberli sport desgalaryak mermerli binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda hormatly orun alan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik gözelligini has-da baýlaşdyrdy. Berkarar Diýarymyzyň welaýat merkezleriniň her birinde 10 müň tomaşaçy orunlyk döwrebap stadion, häzirki zaman atçylyk sport toplumy, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary,sportuň dürli ugurlary boýunça ýaş türgenleri terbiýelemäge ýöriteleşdirilensport mekdepleri, sport desgalary bagtyýar raýatlarymyzyň hyzmatyna berildi.Bularyň ählisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Gaklynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de ýokary netijeli sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerinigündelik durmuşynyň bezegine öwürmek isleýänler üçin giň şertleriň döredilendiginiň subutnamalarydyr. Bu gün bagtyýar nesillerimiziň sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerininygtamak ýakymlydyr. Okuwdan,işden boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga sarp edip, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň hatarynyň yzygiderliartýandygy buýsandyrýar. Işdensoň ýa-da dynç alyş günleri toparlara bölünip, sportuň futbol, woleýbol ýaly görnüşleriboýunça öz aralarynda bäsleşikleriguraýan zähmet toparlarynyň çekeleşiklioýunlary, milli toý-baýramlarymyzda ýörite baýraklar goýlup geçirilýän sport ýaryşlary diňe bir oňa gatnaşyjylarda däl, eýsem, sport janköýerlerinde hem uzak wagtlap ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar. Gündelik durmuşymyzyň bezegineöwrülen şunuň ýaly anyk mysallar GahrymanArkadagymyz türkmen sportuny ösdürmekdäki, onuň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende götermekdäki, türgenleriň täze neslini kemala getirmekdäki, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da berk ornaşdyrmakdaky ähli tagallalarynyň agzybir halkymyzyň tüýs ýürekden goldawyna eýe bolýandygynyň tassyknamalarydyr. Munuň özi şahsy göreldesi bilen her birimizde iň gymmatly baýlygymyz bolan saglygymyzy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak babatda nusga bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň egsilmejek alkyş-hoşallygynyň buýsançly beýanydyr. NARMURADOW Sultanmurad Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby