Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler täze tapgyrlara çykarylýar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagy aýdylda durmuşa geçirilýän işler hem aýdyň mysaldyr. Bu ýylda ýurdumyzyň bütin durmuşynda täze özgertmelere, ýaşlaryň başarnyklaryna, döredijilikli başlangyçlaryna ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlary hemişe üns merkezinde saklap, her bir işe olaryň işjeň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň şeýledigine Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzyň geljegini biz ýaşlarda görýär. Garaşsyz ýurdumyzyň ýaşlary bolsa hemmetaraplaýyn kämil, giň dünýägaraýyşly we döwrebap ýaşlardyr. Çünki ýaşlar uly güýç, olar jemgyýetiň işjeň bölegi. Döwlet Baştutanymyzyň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözleri biziň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligimizi has-da ýokarlandyrýar. Hawa, hormatly Prezidentimiziň jaýdar belleýşi ýaly, ýaşlar geljegi gurujylardyr. Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlaryň ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýoluny dowam etdiriji, kämil, giň dünýägaraýyşly, ata Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Sähetmyrat ATAMYRADOW Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby