Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete işjeň geçmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işiniň netijeliligini gowulandyrmaga gönükdirilen sanly, ýokary tehnologik we maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň we ulanylmagynyň hasabyna amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sanlylaşdyrma işi üçin degişli tehnologik başlangyçlaryny üpjün edýän häzirki zaman, ygtybarly IT infrastrukturasyny döretmek barada ýurdumyzyň ähli döwlet edaralarynyň öňünde uly wezipeleri goýdy. Çünki sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek döwletimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligine bagly boljakdygy sebäpli, sanlylaşdyrmagyň ösüşine uly üns berilýär. Bäsdeşlik, innowasiýa we iş orunlaryny döretmek— bularyň hemmesi häzirki zaman maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen şertlendirilýär. Şol sebäpli biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, senagatyň tehnologik döwrebaplaşdyrylmagy sanly tehnologiýalar arkaly durmuşa geçirilýär. Döwletimiz hususy telekeçiligi hem işjeň goldaýar. Hususan-da, telekeçilerimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň obasenagat toplumy, syýahatçylyk, söwda, dokma we azyk senagaty, ulag, hyzmatlar we gurluşyk senagaty ýaly ugurlarynda işjeň iş alyp barmagy ugrunda giň tagallalar edilýär.
Yslam MYRADOW Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby