• Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir
Islenen.site

Bitaraplyk baky parahatçylyk

  • 04.11.2023
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 2017-nji ýylda bolup geçen sessiýasynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi. Munuň özi Garaşsyz döwletimiziň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesiniň döwletler, halklar arasynda hoşniýetli dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde wajyp syýasy gural bolandygynyň bütin dünýäde ykrar edilmesi boldy diýip aýtmak bolar. Garaşsyz döwletimiz dünýäde hiç bir harby-syýasy maksatly birleşiklere goşulmaýar. Ýurdumyz diňe özüniň hemişelikhem-de oňyn Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan tertipde sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy berkitmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşýar. Mähriban Arkadagymyz özüniň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Dogan dogana gala» diýýär türkmen. Dünýä halklary bilen doganlaşyp, biz özümize dünýäni gala edinýäris» diýip belleýär. Bu parasatly jümleleriň düýp mazmunynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde we sebitde dörän wehimleriň öňüni almakda bar bolan mümkinçiliklerini utgaşdyrmak ýaly başlangyçlary, bu ugurda görkezýän şahsy göreldesi durýar.

    Didar JAPAROW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby
    Başga makalalar
    Nesil
    Elektron gazeti
    nesilelektrongazet@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    Paroly unutdym
    Içeri gir