Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, milli ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi üçin oňyn şertler döredilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanylmagy, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösmegine uly itergi berdi. Bu babatda öňdebaryjy tehniki enjamlaryň, ýokary tizlikli internet torlarynyň, kompýuter programmalary bilen üpjünçiligiň, sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplarynyň, wideo we audio materiallaryň, elektron okuw kitaplarydyr gollanmalaryň taýýarlanylmagy döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ezberlik bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykýar.
Aman ÇOPANOW Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby