Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän milli ykdysadyýeti yzygiderli ösdürmek babatda işler ýokary depginde amal edilýär. Bu ugurda ýurdumyzda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» möhüm kadalaşdyryjy binýat bolup hyzmat edýär. Bu 30 ýyllyk Maksatnamanyň mazmunynda ýurdumyzy ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş babatda öňde goýulýan wezipeler möhüm orun eýeleýär. Şol sanda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň zamanabap bilimleri ele almaklary, ylmy gözleglere ugrukmaklary babatda düýpli binýatlaýyn özgertmeler nazarda tutulandyr. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan edilmegi ýaşlaryň özleri babatda durmuşa geçirilýän asylly aladalara jogap edip, täze döredijilik ýoluna düşmegini maksat edinýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz boýunça ýokary okuw mekdepleriniň ýigrimä barabary hereket edýär. Ýaşlar bu ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak bilen, häzirki zaman dünýä gatnaşyklarynda iň öňdebaryjy bolan ugurlar, hünärler boýunça bilimleri ele alýarlar. Ýurdumyzda öňden hereket edip gelýän Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyñ düýbüniñ tutulmagy diýseň möhüm ösüş basgançagydyr. Munuň özi ýaş nesilleriň gurluşyk pudagynda çuññur bilimleri köptaraplaýyn ele almaklaryny we binagärlik çygrynda giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegini nazarda tutýar. Gurmak döretmek ugurly bilimleri, hünärleri ele alýan ýaşlar üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze-täze bilim ojaklary, saglyk öýleri, ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan döwletli işleri halkymyzy, ýurdumyzyň jemgyýetini bir maksada jem edip, belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrýar. Täze taryhy eýýamyň ajaýyp üstünlikleri Arkadagly Serdarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýändigini aýdyň görkezýär. Biz ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegine, ýaş hünärmenler üçin işlemäge giň mümkinçilikleriň açylmagyna ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys!
Şemşat ÖWEZOWA Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk Institutynyň mugallymy